ÄNEW-GADYMY MEDENIÝETIŇ OJAGY


ÄNEW-GADYMY MEDENIÝETIŇ OJAGY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Änew-gadymy medeniýetiň ojagy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peşgeş beren «Änew–müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň many-mazmuny hakynda, diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, bütindünýä mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de gadymy Änewiň ak bugdaýyň watanydygyny, bu türkmen halkynyň geçmiş-taryhyny ylmy taýdan öwrenmäge, ol ýerden tapylan taryh üçin gymmatly tapyndylar, gözelligiň öýi Seýit Jemaleddin metjidiniň gözelligi barada giňişleýin beýan etdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda baý taryhy medeni ýadygärliklerimizi öwrenmäge, wagyz etmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.