MEDENI MIRASYMYZ-MILLI GYMMATLYGYMYZ


MEDENI MIRASYMYZ-MILLI GYMMATLYGYMYZ

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda «Medeni mirasymyz-milli gymmatlygymyz» atly bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler her bir halkyň medeniýeti onuň milli aýratynlyklaryny şöhlelendirýändigi, müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan türkmen halkynyň milli gymmatlyklary bütindünýä mirasynyň aýrylmaz bir bölegi bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ene-mamalarymyz milli mirasymyzyň ajaýyp gymmatlygy bolan halydyr-palas dokamak, keçe basmak, keşde çekmek, dürli alaja, jähek, aldymgaç ýüplerini taýýarlamak ýaly el işleri bilen irki döwürlerden bäri meşgullanyp, öz asyl nusgasyny ýitirmän biziň şu günki günlerimize gelip ýetendigi we gaýtalanmajak sungatdygy barada belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda milli mirasymyzy aýawly saklap, geljekki nesillere ýetirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.