ANNAMYRAT SAPARMYRADOWY ÝATLAP...


ANNAMYRAT SAPARMYRADOWY ÝATLAP...

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň muzeýinde ussat mugallym Annamyrat Saparmyradowyň doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp ýatlama konserti geçirildi. Bu konserta ussat halypanyň dogan garyndaşlary, konserwatoriýanyň mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gelip tomaşa etdiler.

Konsertiň başynda Annamyrat Saparmyradowyň ömür ýoly hakynda gürrüň berildi. Soňra Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Saz mugallymy» kafedrasynyň uly mugallymy Meýlis Myratgeldiýewe söz berildi. Ol öz halypasy barada birnäçe ýatlamalary gürrüň berdi.

Konsertda ilkinji Kaççininiň «Ave Maria» atly eseri ýaňlandy. Konsertda yzygiderlikde Türkmenistanyň Altyn asyr bäsleşiginiň ýeňijisi Begenç Gaýipowyň aýtmagynda Orazgylyç Gurbannyýazowyň «Ene hakynda aýdym», D.Öwezow bilen Ý.Meýtusyň bilelikde ýazan «Leýli Mežnun» operasyndan Mežnunyň kakasynyň ariýasy, Meýlis Myratgeldiýewiň aýtmagynda Rejep Rejebowyň «Saňa», D.Öwezow we Ý.Meýtusyň «Leýli Mežnun» operasyndan Mežnunyň ariýasy, Merjen Amanowanyň sazandarlyk etmeginde Annamyrat Saparmyradowyň agtygy Guwanç Saparmyradowyň aýtmagynda Hydyr Allanurowyň «Saňa», S.Rahmaninowyň «Все отнял у меня», W.Muhadowyň «Gözler bilen», Spendiýarowyň «К розе» aýdymlary, «Saz mugallymy» kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Keýik Artykowanyň aýtmagynda N.Halmämmedowyň «Hüwdi», «Ýetişermikä» atly aýdymlary ýaňlandy.

Konsertda ýaňlanan eserler tomaşaçylara ruhy lezzet berdi. Konserwatoriýada zähmet çekýän mugallymlar ussat halypa mugallymyň işlän döwürlerini ýatlap geçdiler. Konsertiň ahyrynda tomaşaçylar gyzgyn el çarpyşmalary bilen özleriniň minnetdarlygyny bildirdiler.



Ogulnabat MERETGULYÝEWA,



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň 5-nji ýyl talyby