KITAP-BILIMIŇ ÇEŞMESI


KITAP-BILIMIŇ ÇEŞMESI

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda «Kitap-bilimiň çeşmesi» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlige gatnaşan kitaphanymyzyň işgärleri öz çykyşlarynda belleýişi ýaly, kitap adamzat durmuşynyň deňsiz-taýsyz gymmatlygy, gaýtalanmajak oýlap tapmasydyr. Biziň ata-babalarymyz kitaba aýratyn hormat goýupdyrlar. Muny biziň nusgawy edebiýatymyzyň naýbaşy eserleriniň üsti bilen hem aýdyň görüp bilýäris. Kitaba bolan hormat diňe bir biziň türkmen halkymyzda bolman, eýsem ol dünýäniň ähli künjeginde ähli halklar tarapyndan aýratyn sarpalanýan gymmatlyklaryň hataryna girýändir. Kitap adamyň ruhy baýlygynyň genji hazynasydyr. Bu barada akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýip belleýär. Halkymyzda kitaba, söz sungatyna uly sarpa goýulýar, olaryň gadyry bilinýär. Kitap adamzat durmuşynyň deňsiz-taýsyz gymmatlygydyr.

Çykyşyň dowamynda ýaşlaryň ylymly-bilimli nesiller bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzda giň mümkinçilikleriň döredilýändigini, şeýle-de kitaphanada ýaş okyjylaryň sanynyň gün-günden artýandygyny uly buýsanç bilen nygtadylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzda ylymly-bilimli, watansöýüji kämil şahsyýetleri kemala getirmekde beýik özgertmeleri amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurdumyz bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.