ATA–BABA HALKYŇ YGRAR–MESSEBI, BAKY BITARAPLYK–BAGTYŇ MESGENI


ATA–BABA HALKYŇ YGRAR–MESSEBI, BAKY BITARAPLYK–BAGTYŇ MESGENI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy, Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Ata–baba halkyň ygrar–messebi, baky Bitaraplyk–bagtyň mesgeni» ady bilen wagyz–nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda «Pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň her bir gününiň toý–baýramlara, şatlykly wakalara beslenýändigi barada buýsanç bilen beýan etdiler. Şeýle-de asuda Diýarymyzyň parahatçylygyň üpjün edilmegi bilen bagly başlangyçlaryň badalga tapýan mekanyna öwrülendigi, ata Watanymyzda halkara Bitaraplyk gününiň 29 ýyllygynyň uludan toýlanýandygy, Garaşsyz Diýarymyzyň asudalygynyň dabaralanmagy ugrunda alnyp barylýan işleriň dowamlygyny, agzybirligini, dost-doganlygyny, halklaryň parahat, asuda durmuşynyň dowamly bolmagyna gönükdirilen täze-täze tutumlaryň rowaçlanmagyna ýardam bolýandygy barada gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.