DESSANÇYLYK SUNGATYNYŇ DÜRDÄNELERI


DESSANÇYLYK SUNGATYNYŇ DÜRDÄNELERI

Asyrlaryň dowamynda kämilleşip, timarlanyp gelen dessanlar halkyň geçmişini, ýaşaýyş durmuşyny, dil baýlygyny, edim-gylymyny, däpdir dessuryny, milli aýratynlyklaryny öwrenmekde bahasyna ýetip bolmajak maglumatlary özünde jemleýär.

Türkmen edebiýatynda dessançylyk däbi, özüniň gözbaşyny örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Waka ýordumlary halk döredijiligine esaslanýan dessanlar öňe sürýän meselesi, mazmuny, temasy, häsiýeti boýunça biri-birinden tapawutlanýar. Dessanlaryň arasynda «Döwletýar», «Ýusup-Ahmet», «Alybeg-Balybeg» ýaly dessanlar, «Görogly» şadessany gahrymançylykly, «Şasenem-Garyp», «Leýli-Mejnun», «Zöhre-Tahyr», «Saýatly-Hemra», «Asly-Kerem» yşky-durmuşy, «Gül-Bilbil», «Gül-Senuber», «Seýpelmelek-Methaljemal», «Hüýrlukga-Hemra» yşky-hyýaly häsiýetli, «Nejep oglan» dessany bagşyçylyk sungatyna bagyşlanan dessanlar hasaplanýar.

Şu dessanlaryň biziň günlerimize gelip ýetmeginde dilewar, gepe çeper, söze ussat adamlar bilen birlikde bagşy-sazandalaryň hyzmaty örän uludyr. Halk arasynda ýatkeş, aýdyjy ussatlar, dessançy bagşylar bolup, olar dessanlary nesilden-nesle, dilden-dile, asyrdan-asyra aşyryp biziň günlerimize ýetiripdirler. Dessançylyk sungaty bagşydan dessany ýatdan gürrüň bermegi, saz çalmagy we aýdym aýtmagy we beýan edilýän wakalary, keşpleri göz öňünde janlandyrmagy talap edýän sungat. Dessançy bagşylar bu sungatyň ýerine ýetirijilik däplerini dowam etdirip, millilige, watansöýüjilige we ynsanperwerlige ýugrulan eposdyr dessanlary biziň günlerimize ýetirdiler.

Halkyň ruhy mirasynyň aýrylmaz bölegi hasaplanylýan, ynsan göwünlerine ylham paýlaýan milli aýdym-saz sungaty, bagşylaryň aýdymlary we dutar sazlary, dessançy bagşylaryň diliniň senasyna öwrülen gahrymançylykly şadessanlar we yşky-liriki dessanlar türkmen aýdym-saz sungatynyň ajaýyp nusgalary bolmak bilen olar biziň günlerimizde-de giňden meşhurdyr. Olary gorap saklamak, gaýtadan dikeltmek hem-de geljek nesillere geçirmek döwrümiziň wajyp wezipeleriniň biridir. Ine şol maksatdan ugur alyp, 21-22-nji noýabrda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň hünärmenleri Daşoguz welaýatynda iş saparynda boldular. Iş saparynyň dowamynda ussat halypa, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Söýün Amanowyň hem-de bagşy Öregeldi Mätgeldiýewiň ýerine ýetirmeginde «Ýusup-Ahmet» dessany, bagşy Aşyrbaý Hydyrowyň ýerine ýetirmeginde «Hüýrlukga-Hemra» dessany ýazylyp alyndy. Dessanlary ýazgy edip almak welaýat teleýaýlymynyň hünärmenleri bilen bilelikde ýerine ýetirildi.

Türkmen milli aýdym-saz döredijiliginde aýratyn bir ugur bolan dessançylyk sungatyny ösdürmekde we halypa bagşy-sazandalarymyzyň aýdym-saz mirasyny öwrenmekde bize ähli mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleri baky rowaç bolsun.



Ogültäç HOJANAZAROWA