TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ SÖWDA MINISTRINI KABUL ETDI


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ SÖWDA MINISTRINI KABUL ETDI

4-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny hemde türkmen halkyna rowaçlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Türkiýäniň ýurdumyz bilen köpugurly hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, doganlyk ýurduň Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hemde myhmany Aşgabat şäherinde Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň geçirilýän günlerinde kabul edýändigine şatdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda yzygiderli geçirilýän bu serginiň iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläkde ösdürilmegine itergi berjek möhüm çäreleriň biridigini belläp, onuň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

«Türkmenistan» gazeti