HAKYDA GÖWHERI
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ajaýyp kitabyndan «Altyn Asyr» teleýaýlymy bilen bilelikde ýazgy edildi.
Gahryman Arkadagymyz bu ajaýyp kitabynda: «2024-nji ýylda–«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda taryhy mesgenlerimiz hem-de halky beýgelden eserlerimiz barada söhbet etmek has-da ähmiýetli. Çünki berkarar döwletimiziň üstünliklere beslenýän her bir güni taryhyň altyn sahypalaryna öwrülip, barha görklenýän göwherler kimin hakydalarda orun alýar» diýip belläp geçýär. Hakykatdan hem biziň ýurdumyzyň herbir güni uly ösüşlere şanly wakalara beslenýär.
Çykyş edenler sözleriniň ahyrynda agzybir türkmen halkyny beýik Pyragynyň arzuwlan zamanasynyň eşretlerinde ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik tutumly işleri rowaç bolmagyny arzuw etdiler!