MILLI LYBASLARYŇ DÖWREBAP DIZAÝNY


MILLI LYBASLARYŇ DÖWREBAP DIZAÝNY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan taryhyny öwrenmekde, onuň şöhratly sahypasyny açyp görkezmekde düýpli işler alnyp barylýar. Halk egin-eşikleri asyrlaryň dowamynda kemala gelipdir we kämilleşipdir. Şeýlelikde halkymyzyň milli aýratynlyklaryny özünde jemleýän milli lybaslarymyzyň dürli görnüşleri döräpdir. Olarda häzirki döwre çenli aýal, erkek, ýaş we ýaşuly nesliň adaty günler hem-de toý we ýas däplerine laýyklykda ýerine görä geýinmegiň kadalary saklanyp gelýär. Maddy medeniýetimiziň aýrylmaz bölegini düzýän milli lybaslarymyz halkyň baý taryhy tejribesini özünde jemleýär. Olaryň ýerliginde, biçilişinde, taýýarlanyş usullarynda, tikilişinde, bejerilişinde, bezelişinde halkymyzyň medeni däp-dessury we çeperçilik islegleri, tebigy ýaşaýyş şertleri giňden öz beýanyny tapýar. Zenanlaryň milli köýnegi dünýäde beýleki bir milletiň egin-eşigine meňzemeýän taýsyz özboluşly ajaýyplykdyr. Şeýle bolany üçin bu ajaýyplyk asyrlardan aşyp, nesilme-nesil dowam edip gelýär.

Türkmen zenany eli çeperligiň, kalby joşgunlylygyň, ýüregi mähir-muhabbetliligiň, nusgawy edep-ekramyň mekdebidir. Türkmen zenanynyň işeňňirlik, öňdengörüjilik, asyllylyk bilen sypaýydan-sypaýy el işlerini döredýändigi üçin dünýäniň ýüzünde mertebesi belent, şan-şöhraty daglar aşýandyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biz ýaşlar üçin döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda her ýylyň dekabr aýynda açylýan «Gujurly ýaşlar» sergisine zehinli talyp «Şekillendiriş sungaty» fakultetiniň «Nakgaşçylyk» kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby Jennet Agaýewa hem özüniň döwrebap egin-eşikleri bilen çykyş edýär. Jennet birnäçe ýyldan bäri bu sergä işjeň gatnaşyp öz gujuryny görkezmegi başarýan zehinleriň biridir. Zehinli talyp Türkmenistanyň suratkeşler birleşiginiň guramagynda geçirilýän sergilere we bäsleşiklere yzygiderli gatnaşyp birnäçe baýraklary orunlara hem mynasyp boldy.

J.Agaýewa bu gezekki geçirilen «Gujurly ýaşlar» atly döredijilik sergisine «Zenan ýoly» atly gelin-gyzlar üçin niýetlenen dürli biçüwli lybaslaryň toplumy bilen gatnaşdy. Lybaslar toplumynda asyl nusgasyny ýoýmazdan döwrebaplaşdyrýar. Ol dürli reňkli halatlary we ýeňsizlerinde özüniň keşdeçi gözelleri çeper elleri bilen keşde çekýärler, ýaka gaýaýarlar. Olaryň şeýle owadan keşdeleri çekmeklerine, ýakalary gaýamaklaryna ene-mamalarymyz görelde bolýarlar. Çünki ol keşdedir nagyşlaryň taryhynda ene-mamalarymyzyň ussatlygyny, wepadarlygyny, edermenligini görmek bolýar. Keşdelerinde esasan goçak we tegbent nagyşlaryny ýerine ýetiripdirler. Olaryň reňkleri ynsana gözellik terbiýesi taýdan, psihologik, hatda fiziologik taýdan hem täsirini ýetirýär. Olaryň öwüşginleri we sazlaşygy bolsa gündelik ýa-da baýramçylyk keşbini döretmek babatda esasy orna eýedir.



Nurana SAHETGELDIÝEWA



«Amaly-haşam sungaty» fakultetiniň «Sungaty öwreniş» kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby