YLYM-BILIM–ÝOLUMYZYŇ ÇYRAGY
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölüminde «Ylym-bilim–ýolumyzyň çyragy» atly kitap sergisi gurnaldy. Bu kitap sergisinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan ajaýyp eserleri ýerleşdirildi. Mundan başga-da Döwlet kitaphanamyzyň altyn gaznasyndan ylym-bilim bilen bagly edebiýatlar ýerleşdirildi.
Bu kitap sergisini gelip gören okyjylar, özlerine gerekli maglumatlaryny görmäge giň mümkinçilik döredildi. Halkymyzyň gelejegi ugrunda ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!