BITARAPLYK BUÝSANJYM, MILLI MIRASYM
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasy, Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň bilelikde guramagynda «Bitaraplyk buýsanjym, milli mirasym» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir günümiziň toýdur baýramlara beslenýändigini şeýle-de eziz diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletli tutumlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen bagtyýar halkymyz ýene-de bir naýbaşy baýramçylygymyz bolan Halkara Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk toýuny uly şatlyk-şowhun, belent zähmet üstünlikleri bilen garşylaýandygyny uly buýsanç bilen bellediler.
Çäräniň dowamynda Garaşsyzlyk alyp galkynan, Bitaraplyk alyp beýgelen eziz diýarymyzyň ösüşleri özgertmeleri dogrusunda çuň manyly sözler sözlendi. Şeýle-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýasynyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde baky Bitaraplygymyzy wasp edýän birnäçe ajaýyp aýdymlar ýaňlandy.
Çäräniň ahyrynda ýurdumyzyň parahatlygy, asudalygy halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda döwlet ähmiýetli aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.