TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY-ABADANÇYLYGYŇ KEPILI
Türkmenistan bu gün dünýäniň ýüzlerçe döwleti bilen hoşniýetli, birek-birege ynama esaslanýan gatnaşyklary alyp barýar. Ençeme halkara guramalaryň işjeň agzasy bolup, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi ak mermerli paýtagtymyzda ýerleşmek bilen dünýäde parahatçylygy öňe sürýär.
2024-nji ýylyň dekabr aýynyň 5-ne Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmenistanyň Bitaraplygy-abadançylygyň kepili» atly serginiň açylyş dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sowgat berlen Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, Türkmenistanyň Bitaraplygyny, Döwlet baýdagymyzy wasp edýän gymmat baha daşlar bilen bezelen zergärçilik eserler sergä has hem öwüşgin berýär. Ussat gelin-gyzlarymyz tarapyndan sünnälenip dokalan, döwrümizi wasp edýän şekilli halylar ajaýyplygy döredýär. Sergide «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Рyragy» ýylynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly-türkmeniň milli buýsanjy» atly halysynda Magtymguly Pyragynyň heýkeli, türkmen tebigatynyň täsin pursatlary, paýtagtymyzyň gözel binalary janlandyrylýar. «Aziýanyň merjeni» atly nepis haly baýramçylyk serginiň görküni has hem artdyrýar. Bu ajaýyp halyda merjen şäherimiz bolan Aşgabadyň ak mermerli binalary, mukaddes tugumyzy, parahatlyk simwolyny aňladýan gözel monumental binalary şekillendirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan çykan kitaplary serginiň täsirliligini has hem artdyrýar.
Dürli pudaklarda zähmet çekýän sergä gatnaşan myhmanlar Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlap, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsunlar aýtdylar.
