TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY HALKARA WE SEBIT HYZMATDAŞLYGYNYŇ ESASYDYR
Lebap welaýat kitaphanasynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli kitaphananyň we «Türkmen gündogary» gazediniň redaksiýasynyň bilelikde gurnamaklarynda Türkmenistanyň Mežlisiniň deputatlarynyň, Türkmenabat şäheriniň orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda tegelek stoluň başynda «Türkmenistanyň Bitaraplygy halkara we sebit hyzmatdaşlygynyň esasydyr» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 12-nji dekabr baky Bitaraplyk güni indi halkara derejesinde ginden bellenilýän baýramçylykdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, «dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmak, halkara hyzmatdaşlygyny netijeli ösdürmek döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeleriň biridir. Baky Bitaraplyk-bu biziň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymat bolup hyzmat edýär. Häzirki döwürde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerinden gelip çykýan aýdyň wezipeler dünýäde ählumumy parahatçylygyň pugtalanmagynda, durnukly ösüşiň we abadançylygyň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar» diýen parasatly jümlelerinde ugur alyp türkmen halky Bitaraplyk baýramyny uly joşgun bilen garşylaýar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýetip gelýän belent ynsanperwerligiň baýramyna öwrülen «12-nji dekabr-Halkara Bitaraplyk güni» mynasybetli mähriban halkymyzy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys.
