TÜRKMEN BITARAPLYGY-PARAHATÇYLYK DESSANY


TÜRKMEN BITARAPLYGY-PARAHATÇYLYK DESSANY

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasynyň guramagynda «Türkmen Bitaraplygy-Parahatçylyk dessany» ady bilen sergi we söhbetdeşlik geçirildi. Bu sergi esasan hem talyp ýaşlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi.

Serginiň dowamynda kitaphana hünärmenleri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan Bitaraplygyň mekany» atly kitabyndaky: «Biz-bu günki türkmenler ata-babalarymyza wepadarlyk bilen, olaryň, mukaddes ýol-ýörelgesini dowam etdirýäris we döwre görä ösdürýäris. Her bir Türkmenistanly bu beýik taryhy hakykata guwanmaga, buýsanmaga doly haklydyr. Şol guwanç, şol buýsanç her bir türkmenistanlyny bu günki taryhy işlerimize, şanly özgerişlerimize goşant goşup ýaşamagyň höwesi hem hyjuwy bilen joşdurýar. Biz-türkmenistanlylar, her birimiz öz zehinimizi, zähmetimizi mähriban Watanymyzyň–erkanalygyň, dost-doganlygyň, abadançylygyň mekany Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine bagyşlaýarys» diýen parasatly jümlelerini buýsanç bilen bellediler.

Häzirki wagtda ýurdumyz «Açyk gapylar» syýasatyna eýerip, netijeli daşary syýasat ýörelgesini bütin adamzadyň bähbidine goýmaga çalyşýar. Bu günki gün Türkmenistan dünýäniň syýasy giňişliginde güýçli depginler bilen ösýän, ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly we asuda, sebit we halkara gatnaşyklaryna işjeň gatnaşýan ýurt hökmünde tanalmak bilen beýleki ýurtlar babatda hoşniýetli ynsanperwer syýasat alyp barýar. Tebigy hadysalardan, ýer yranmasyndan, suw joşgunyndan ejir çeken ýurtlara ynsanperwer kömek iberýär. Türkmenistan dünýäde ýaragsyzlanmak gyzgyn nokatlaryň ýok edilmegi, aralyň guramagynyň öňüni alynmagy, abadançylygy ýaly dünýä ähmiýeti global meseleleri BMG-niň mejlislerinde orta alyp çözgüdini tapmakda uly işleri bitirýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkymyzyň beýik gymmatlygydyr» diýip, örän jaýdar belläp geçýär. Hakykatdan-da Bitaraplyk ýer ýüzünde asuda durmuşy, halklaryň dost-doganlygyny, ynsanperwerligi, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de ösüşi dabaralandyrýan taglymatdyr.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar parahatçylyk we abadançylyk ýörelgelerini, Bitaraplyk syýasatyny ýöredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar.



Maral NURYÝEWA



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň kitaphana müdiri