TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ WEKILLERINI KABUL ETDI
7-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministri Abbas Aliabadini we Merkezi bankynyň başlygy Mohammad Reza Farzini kabul etdi.
Myhmanlar wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyklaryny bildirip, özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga Eýranda möhüm ähmiýet berilýändigini bellediler hemde pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimize we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Prezident Masud Pezeşkianyň iberen mähirli salamyny, türkmen halkyna abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdiler.
Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hemde myhmanlaryň şu gezekki saparynyň netijeleriniň özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hasda ösdürmäge, täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
«Türkmenistan» gazeti