BITARAPLYK–BAGTYMYZ


BITARAPLYK–BAGTYMYZ

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 132-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebi bilen bilelikde hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli «Bitaraplyk–bagtymyz» ady bilen baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Dabaranyň dowamynda Watan mukaddesligi, hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti, ata-babalarymyzyň Bitarap Watan ugrunda geçen şöhratly ýoly barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de geçen 29 ýylyň dowamynda ýurdumyzy gülledip ösdürmek ugrunda bitirilen beýik işler, ýetilen belent sepgitler barada aýratyn nygtaldy. Dabara gatnaşan kitap söýüji okyjylarymyz, sungaty söýüji ýaşlarymyz hem hemişelik Bitaraplygymyzy, ajaýyp döwrümizi wasp edýän goşgudyr, aýdymlary uly höwes bilen aýdyp berdiler.

Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.