TÜRKMEN KOMPOZITORLARYNYŇ INSTRUMENTAL ESERLERINDE SONATA FORMASY
Ýakynda ýokary we ýörite orta sazçylyk, sungat mekdepleri üçin R.Amangeldiýewiň «Türkmen kompozitorlarynyň instrumental eserlerinde sonata formasy» atly okuw gollanmasy çapdan çykdy. Okuw gollanmanyň mazmuny girişden, birinji, ikinji baplardan, jemlemeden we peýdalanylan edebiýatlardan ybarat.
Birinji bap «Türkmen kompozitorlarynyň döredijiliginde sonata formasynyň nusgawy-romantik görnüşi» diýlip atlandyrylyp, bu bapda sonata formasynyň ösüş taryhy we türkmen kompozitorlarynyň eserlerinde sonata formasynyň ulanylyş ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berilýär. Ikinji bap «Türkmen kompozitorlarynyň döredijiliginde sonata formasynyň baýlaşdyrylmagyna esasy ymtylyşlar» diýlip, bu bapda hem türkmen kompozitorlarynyň eserlerinde sonata formasynyň derňewleri edilip, düşündirilýär.
Belli bolşy ýaly, sazda forma meselesi sazşynaslyk ylmynda aýratyn orun eýeleýär. Wagt geçmegi bilen belli bir formalar ulanmakdan galýarlar, ýerine täze formalar emele gelýär. Bu kitapda sonata formasynyň ösüş taryhy, nusgawy görnüşli sonata, nusgawy-romantik görnüşli sonata formasynyň işlenilme bölüminiň aýratynlyklary, repriza bölüminde nusgawy esaslar ýaly temalar giňişleýin beýan edilýär. Bu okuw gollanmasy gurluşyň kämilleşmeginde bu formada ýazylan saz žanrlarynyň taryhy ýoluny hem açyp görkezýär.
Şeýle okuw gollanmalary aýdym-saz ojagynda okaýan biz ýaşlara, saz öwrenijilere, okyjylara we mugallymlara gymmatly, bahasyna ýetip bolmajak ylmy çeşmedir.