«TÜRKMEN SAZYNYŇ TEORIÝASY» ATLY MONOGRAFIÝA
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Alymlar geňeşiniň hödürlemegi bilen 2024-nji ýylyň noýabr aýynda Sankt-Peterburgyň «Планета музыки» neşirýatynda S.Tüýliýewiň «Теория туркменской музыки» monografiýasy rus dilinde çapdan çykaryldy.
Bu monografiýa 2014-nji ýylda Türkmen döwlet neşirýat gullugynda çap edilen «Türkmen sazynyň teoriýasy» okuw kitabynyň taraşlanan we üsti ýetirilen görnüşidir. Kitapda türkmen halk sazlarynyň aýratynlyklaryny we kompozitorlaryň döredijiligine edýän täsirlerine seredilýär. Bu kitap sazşynaslara, kompozitorlara, gündogary öwrenijilere, mugallymlara we ýokary sazçylyk okuw jaýlarynyň talyplaryna, şeýle-de okyjylara, türkmen we gündogar sazlary bilen gyzyklanýanlara niýetlenen.
«Теория туркменской музыки» atly monografiýa iki bölümden ybarat.
1-nji bölüm «Особенности туркменской народной музыки» atlandyrylyp, halk sazynyň milli aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmeklige bagyşlanýar. Bu bölüm öz içine sekiz baby alýar we her bapda türkmen halk sazlarynyň gurluşlary, formalary we esasan dutar saz guralynyň gurluş aýratynlyklary barada giňişleýin gürrüň berilýär.
Onuň «Влияние народной музыки на композиторское творчество» atly 2-nji bölüminde halk sazynyň milli aýratynlyklarynyň kompozitorlaryň döredijiliginde dowam etdirilişi derňelýär. 2-nji bölüm ýedi bapdan durýar we baplarda türkmen kompozitorlarynyň esasan Ç.Nurymowyň sazlarynyň derňew aýratynlyklary we türkmen halk saz gurallarynyň ýerine ýetirijilik ähmiýeti we gurluşy barada aýdylýar.
Monografiýa saz eserleriniň derňewine degişli shemalar, şekiller, tablisalar bilen baýlaşdyrylypdyr. Kitabyň soňunda ýerleşdirilen Goşundylara halk aýdym-sazlaryna we kompozitorlaryň döredijiligine degişli nota ýazgylary ýerleşdirilen.
Suhan Tüýliýewiň «Теория туркменской музыки» atly monografiýasy halk bagşy-sazandalaryna, şeýle hem dünýä meşhur «Туркменская музыка» iki tomlugynyň awtorlary W.Uspenskiý bilen W.Belýaýewe bagyşlanýar we jemi 585 sahypadan ybarat.