«HAKYDA GÖWHERI»–MILLI MIRASYŇ SARPASY


«HAKYDA GÖWHERI»–MILLI MIRASYŇ SARPASY

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, «Arkadag» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda «Hakyda göwheri»–milli mirasyň sarpasy» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Gahryman Arkadagymyzyň zähmetiniň miwesi bolan täze kitap türkmen halkynyň bäş müň ýyllyk taryhyna degişli dürli döwürleriň maglumatlaryny aň-akyl eleginde seljerip, bir ulgama salyp, örän ygtybarly we bitewi çeşmäni emele getirendigi bilen wajyp ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitaby döwürleri döwürler bilen, nesilleri nesiller bilen duşurmagy başardy. Elbetde, islendik mekan-mesgeniň taryhy näçe baý boldugyça, ol hakda döredilýän rowaýatlardyr ýöredilýän pikir-çaklamalar hem köp bolýar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň şeýle ajaýyp, eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.