BAKY BITARAPLYK-PARAHATÇYLYGYŇ SENASY


BAKY BITARAPLYK-PARAHATÇYLYGYŇ SENASY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň bilelikde guramagynda «Baky Bitaraplyk-parahatçylygyň senasy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkymyzyň beýik gymmatlygy bolup, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerini dowam etdirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dost doganlyk, parahatsöýüjilik, ynsanperwer syýasaty bilen ata Watanymyzy dünýä tanadandygyny hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de baky Bitaraplygyň taryhy kökleri hakynda beýan etdiler hem-de hemişelik baky Bitaraplygyň 29 ýyllygy bilen gutlag sözlerini beýan etdiler.

Çäräniň ahyrynda ata Watanymyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.