TÜRKMENISTANDA EFIOPIÝANYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY
9-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Jemal Beker Abdulladan ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy ilçini döwlet Baştutanymyzyň adyndan jogap kärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmek boýunça alyp barjak asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi.
«Türkmenistan» gazeti