MAGTYMGULY PYRAGY-ŞYGRYÝET ÄLEMINIŇ ÇYRAGYDYR


MAGTYMGULY PYRAGY-ŞYGRYÝET ÄLEMINIŇ ÇYRAGYDYR

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Magtymguly Pyragy-şygryýet äleminiň çyragydyr» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Türkmen halkynyň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy–öçmejek ruhy we ahlak gymmatlyklaryna eýe bolup, adamlaryň ruhy dünýäsinde we durmuşynda ýagşylygyň ugrukdyryjysy hökmünde olaryň aňyna baky yşyk bolup ornaşdy. Halkymyz şygryýet äleminiň ägirdi Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýýar. Türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragy durmuşyň dürli taraplary barada ajaýyp şygyrlary döretmek bilen baý edebi mirasy galdyrdy. Türkmen nusgawy edebiýatynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsi, ýaş nesillere görelde, mekdebi bolup hyzmat edýär. Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynyň nesillerimizi mynasyp terbiýelemekde uly ähmiýeti bardygy barada giňişleýin söhbet etdiler.

Çäräniň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.