BITARAP WATANYM TÜRKMENISTANYM


BITARAP WATANYM TÜRKMENISTANYM

Ýakynda Halkara Bitaraplyk baýramçylygy mynasybetli Aşgabat şäheriniň 42-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Saz mugallymy» kafedrasynyň «Bitarap Watanym Türkmenistanym» atly konserti geçirildi. Konsertiň dowamynda türkmen kompozitorlarynyň hem-de daşary ýurt kompozitorlaryň aýdymlaryny Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary ýerine ýetirdiler.

Çäräniň başy beýik Akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň sözlerine «Dag saýar» atly türkmen halk aýdymyny «Saz mugallymy» kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Begnazarowa Ogulnur aýtdy.

Meşhur kompozitor Çary Nurymowyň «Gara geýinüwli gyzlaryň tansy» atly eserini «Saz mugallymy» kafedrasynyň 1-nji ýyl talyby Kömekowa Merjen ýerine ýetirdi. Şeýle-de konserdiň dowamynda «Saz mugallymy» kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Magtymguly adyndaky ýaşlar baýragynyň eýesi Artykowa Keýik «Стрекоза» kinofilminden «Песня Стрекозы» atly aýdymy bilen diňleýjilere ruhy lezzet paýlady.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Saz mugallymy» kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby Nury Halmammedowyň «Gyz» atly aýdymyny aýtdy. Soňra bolsa rus kompozitory Sergeý Rahmaninowyň «Итальянская полька» atly eserini «Saz mugallymy» kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Baýmyradow Begmuhammet ýerine ýetirdi.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Saz mugallymy» kafedrasynyň hor topary Suhan Tüýliýewiň «Güneşli gämi» atly ajaýyp aýdymyny ýerine ýetirdiler.

Soňra Aşgabat şäheriniň 42-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň çagalarynyň skripkaçylar, dutarçylar we hor toparlary öz aýdymlary bilen çykyş etdiler.

Konsertiň jemleýji pursadynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Saz mugallymy» kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Çaýlakow Jepbar Baýram Hudaýgulyýewyň «Bitarap döwletim bardyr» atly eserini Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Saz mugallymy» kafedrasynyň hor topary bilen bilelikde ýerine ýetirip konserti şatlyk-şowhun bilen jemledi.

Aşgabat şäheriniň 42-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde geçirilen bu konsert ol ýerde okaýan okuwçylarda aýdym-saza bolan höwesini has-da artdyrdy.

Zähmet çekýän mugallymlar Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Saz mugallymy» kafedrasynyň mugallymlaryna hem-de talyplaryny özleriniň minnetdarlyk sözlerini aýtdylar.



Bahar ÖWEZOWA



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Saz mugallymy» kafedrasynyň uly mugallymy