KITAP YNSANYŇ ÝAKYN DOSTY
Durmuş wakalary çeper hakykata öwrüp, biziň çeper türkmen kitaplarymyz halkyň däp-dessuryny, edep-terbiýesini ynsanperwerligini nesihat berýär. Kitap ynsanyň ruhy dünýäsini açyp görkezýär. Durmuş kynçylyklaryny nädip aňsatlyk ýollar bilen alyp çykmalydygyny öwüt-ündew etýär. Hut şonuň üçin hem kitap adamzadyň dostuna hem syrdaşyna öwrülýär.
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy, «Gujurly bilim merkezi» hojalyk jemgyýeti hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçilik partiýasy bilen bilelikde gurnamagynda türkmen edebiýatynyň görnükli wekili, ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň «Şükür bagşy» powestini okamak boýunça talyp ýaşlaryň arasynda bäsleşik geçirildi.
Bu çärede hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyň talyplary bilen birlikde, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet Ýörite sazçylyk mekdebiniň hem zehinli ýaşlary gatnaşdylar.
Görnükli türkmen ýazyjysy Nury Saryhanowyň XIX asyrda ýaşap geçen türkmen sazandasy Şükür bagşy barada gürrüň berýän bu powesti esasynda filmiň düşürilmegi we belli türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň bu filmiň sazyny ýazmagy, onuň hem halkyň aňyna ornaşmagy eseriň ýokary derejede çeperliginiň subutnamasydygyny görkezýär. Bu powest esasynda döredilen film 1964-nji ýylda Orta Aziýa we Gazagystan respublikalarynyň kinofestiwalynda birinji baýragyna mynasyp bolup, üstünlik gazanmagynda ýardam berýär.
2024-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň gurnamagynda «Gujurly bilim merkezi» hojalyk jemgyýeti hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti tarapyndan kitap okamak bäsleşigi yglan edildi. Bäsleşigiň şertine görä 20-nji noýabryna çenli gatnaşyjylary doly hasaba alyndy we 3-nji dekabrda düzgünnama laýyklykda bu eseri ýaşlaryň nähili derejede okandyklaryny bahalandyrmak üçin bir aý geçenden soňra test görnüşinde bahalandyrmak işi geçirildi.
9-njy dekabrynda bolsa bäsleşigiň jemleriniň netijesinde ýokary baha mynasyp bolan umumy ýer alanlaň sany 21 talyp bolup, olardan I orna 4 sany talyp, II orna 8 sany talyp we III orna 9 sany talyp mynasyp bolup, olara hormat hatlary we gymmat baha sowgatlar gowşuruldy.
Bäsleşige gatnaşan, öz başarnyklaryny görkezen talyplar Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň ýokary derejelerde bilim almaklary üçin döredilip berilýän şertler üçin çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar.