BAKY BITARAPLYGYŇ MEKANYDYR WATANYM!


BAKY BITARAPLYGYŇ MEKANYDYR WATANYM!

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň «Bagtyýar Nesiller» atly 74-nji orta mekdebiň okuwçylary bilen «Baky Bitaraplygyň mekanydyr Watanym!» atly Baky Bitaraplygymyzyň şanly 29–ýyllygynyň baýramyna bagyşlap edebi-sazly ertirlik geçirdi. Bu çärede alypbaryjy, geljege ynamly barýan döwletimizde hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllyk baýramynyň uly ruhybelentlik bilen bellenilýän günlerinde ýurdumyz toý lybasyna beslenendigini, bu bagtly döwri ata-babalarymyzyň arzuw edenligi bilen görnükli beýik ussatlarymyz Magtymguly, Zelili, Seýdi ýaly şahsyýetlerimiziň şygyrlary bilen hem kän ýüzbe-ýüz bolandygyny giňişleýin gürrüň berdi. Alyp baryjynyň şeýle ajaýyp gürrüňlerinden soň çagalar hem öz gezeginde aýdym-sazly şowhunly çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Bu çärede «Bitarap Watanym Türkmenistanym!» ady bilen gurnalan sergi hem hemmäniň ünsüni özine çekdi. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.