II HALKARA ÇAGALAR WE ÝAŞLAR KITAPLARY FORUMY
Ýaňy-ýakynda Russiýanyň Döwlet çagalar kitaphanasynda GDA agza ýurtlaryň ynsanperwer hyzmatdaşlygy döwletara gaznasynyň (IFHC) goldawy bilen, Moskwada geçirilen II Halkara Çagalar we Ýaşlar Kitaplary Forumy geçirildi.
Garaşsyz Döwletler Arkalaşygyna agza ýurtlarynyň kitaphana hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirilen forum, çagalar edebiýaty we okamak pudagyndaky hünärmenleriň arasynda medeni we ynsanperwerlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, GDA ýurtlarynda çagalaryň okamak infrastrukturasynyň netijeliligini we ösüşini ýokarlandyrmak, çagalara hyzmat edýän kitaphanalaryň orny we täze mümkinçilikleri barada pikir alyşmak maksady bilen gurnaldy. Çagalary okamak bilen tanyşdyrmak üçin bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde tejribe alşyldy.
Çagalar edebiýaty, kitaplar we okamak bilen baglanyşykly işleri alyp barýan hünärmenler foruma gatnaşmaga çagyryldy: milli kitaphanalaryň dolandyryş işgärleri, medeniýet we bilim pudagyndaky öňdebaryjy döwlet we jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri, GDA-nyň ýazyjylary, suratkeşleri, terjimeçileri agza döwletler we beýlekiler.
Foruma gatnaşan watandaşlarymyz, kitaphana hünärmenleri dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk, medeni gatnaşyklary berkitmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.