BITARAPLYK-TÜRKMEN HALKYNYŇ BUÝSANJY


BITARAPLYK-TÜRKMEN HALKYNYŇ BUÝSANJY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasynyň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Bitaraplyk-türkmen halkynyň buýsanjy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler binýady pähim-parasatdan tutulan Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk -bu iki mukaddeslik indi köp asyrdan gowrak wagtyň içinde dünýä kartasyna sünnälenip çekilen keşde ýaly ýaşaryp duran türkmenistan döwletiniň goşa ganaty, milletimiziň döwletliliginiň güwäsi bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň şan-şöhratyny gün-günden beýgelip, dünýä ýüzünde parahatçylygyň hem-de howpsuzlygyň, asudalygyň we abadançylygyň nusgasyna öwrülendigi barada belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda halkymyzyň bagtyýarlygy, ýurdumyzyň abadançylygy ugrunda uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.