DÜNÝÄ NUSGA BITARAPLYK ÝOLUMYZ


DÜNÝÄ NUSGA BITARAPLYK ÝOLUMYZ

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 2024-nji ýylyň dekabr aýynyň 6-na Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy mynasybetli «Dünýä nusga Bitaraplyk ýolumyz» atly suratkeşleriň ýyllyk hasabat sergisi geçirildi.

Sergide, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary, Hanow Muhammetberdiniň «Magtymguly Pyragy», Hydyrow Amangeldiniň «Magtymguly Pyragynyň daga siňen keşbi», Islamowa Annabibiniň «Bir syprada taýýar kylynsa aşlar,göteriler ol ykbaly Türkmeniň», Çüriýew Hojammuhammediň «Magtymguly barada pikirler», Hojagulyýew Nuratyň «Magtymguly Pyragy-gözel sumbaryň nary» we «Döwletmämmet Azadynyň Magtymgula pata bermegi», Gurbanowa Sadabyň «Magtymguly Pyragy Ahmet şahyň köşgünde» Muhammetberdiýew Goçmyradyň «Magtymguly Pyragy», Nabiýewa Hamidanyň «Magtymguly zergär», Öwezow Orazgylyçyň «Daglar», Çaryýew Berdiniň «Jahanda näler görner», Hajyýew Toýlynyň «Magtymguly», Annaýew Ýolmämmediň «Watynym meniň», Gaýypberdiýew Gurbanyň «Düýş» ýaly eserleri bolup, sergide suratkeşleriň 337-den gowrak işleri gatnaşýar.

Sergide dine bir nakgaş eserleri bolman, eýsem, heýkeltaraşlaryň, zergärleriň işleri hem gatnaşýar. Her bir sungat işgäri öz eserlerinde «Magtymguly Pyragyny» wasp edýärler.

Sergi öz işini 10 gün dowam eder.