TÜRKMENISTANDA DANIÝA PATYŞALYGYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY
10-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Daniýa Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýesper Wardan ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy mundan beýläkde pugtalandyrmak işinde oňa üstünlikleri arzuw etdi.
Hoşniýetli arzuwlar we türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Daniýa Patyşalygynyň doly ygtyýarly wekili dostlukly ýurduň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny hem-de ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
«Türkmenistan» gazeti