TÜRKMENISTANDA BRAZILIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY
10-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Marsel Fortuna Biatodan ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany döwlet Baştutanymyzyň adyndan Türkmenistanda diplomatik wezipä girişmegi bilen gutlap, deňhukuklylyk, ynanyşmak, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýan köpugurly iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwanyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna iberen mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
«Türkmenistan» gazeti