TÜRKMENISTANDA BELGIÝA PATYŞALYGYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY
10-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Belgiýa Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Žýulen de Fraýpondan ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy ilçini döwlet Baştutanymyzyň adyndan Türkmenistanda işe başlamagy bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasynda dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmegiň bähbidine gönükdirilen jogapkärli diplomatik wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.
Hoşniýetli sözler we bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, Belgiýanyň doly ygtyýarly wekili Belgiýanyň Patyşasy Filippiň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
«Türkmenistan» gazeti