HAKYDA GÖWHERI


HAKYDA GÖWHERI

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk toýunyň öňisyrasynda Gahryman Arkadagymyzyň pähim paýhasyndan, jöwher zehininden dörän ajaýyp eser «Hakyda göwheri» atly kitap elimize gelip gowuşdy. Halkymyza özboluşly sowgat bolup elimize gowşan bu ajaýyp kitap, türkmen halkynyň şöhratly taryhyndan, ajaýyp şu gününden habar berýär.

Gahryman Arkadagymyzyň täze eseri halkymyzyň baý taryhy durmuşyndan söz açýan ylmy garaýyşlaryň beýanydyr. Kitap girişden, iki bapdan ybarat bolup, türkmen we iňlis dillerinde çap edilen. «Taryha syýahat» babynda şöhratly türkmen taryhy we medeni ýadygärlikleri hakynda, hem-de «Ruhy miras» babynda türkmen halkynyň ruhy-medeni mirasynyň köpöwüşginli gymmatlyklary dogrusynda maglumatlar beýan edilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna peşgeş berýän, şeýle ajaýyp kitaplarynyň höwri köp bolup, döwlet galamy elmydama ýiti bolsun.