«FORTEPIANO ÜÇIN ESERLERIŇ ÝYGYNDYSY» ATLY OKUW GOLLANMASY ÇAP EDILDI


«FORTEPIANO ÜÇIN ESERLERIŇ ÝYGYNDYSY» ATLY OKUW GOLLANMASY ÇAP EDILDI

Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň «Türkmen döwlet neşirýat gullugy» tarapyndan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Halk saz gurallary» kafedrasynyň konsertmeýsteri Sona Nuryýewanyň ýokary we ýörite orta sazçylyk hem sungat mekdepleri üçin niýetlenen «Fortepiano üçin eserleriň ýygyndysy» atly okuw gollanmasy çap edildi.

Bu okuw gollanmada milli aýdym-saz sungatymyza uly goşant goşan türkmen nusgawy kompozitor Durdy Nuryýewiň we öz gyzy Sona Nuryýewanyň birnäçe fortepiano eserlerinden ybaratdyr.

Türkmenistanyň halk artisti, Ýaşlar baýragynyň eýesi häzirki zaman türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň görnükli wekilleriniň biri bolan, Durdy Nuryýew türkmen halkynyň ýüreginde baky ýaşaýan kompozitorlaryň biridir. Onuň döredijiligi deňiz ummany ýaly giň gerimlidir. D.Nuryýew professional saz döredijiliginde çagalar sazyny döretmekde hem ykrar edilen ussat hasaplanýar.

Onda fortepiano üçin 1956-njy ýylda birnäçe pýesalardan ybarat bolan «Çagalar albomy» we 1968-nji ýylda «Çagalar üçin on iki eser» atly saz toplumynyň 2-nji ýygyndysyny ýazýar.

Sona Nuryýewanyň «Fortepiano üçin eserleriň ýygyndysy» atly okuw gollanmasynda türkmen kompozitory Durdy Nuryýewiň «Konsertino»-III bölümden, «Sonata»–III bölümden, «Wariasiýalar», «Çal dutarym» (halypasy W.G.Hirunsewiň ýagty ýadygärligine bagyşlanýar) fortepiano üçin döreden eserleri ýerleşdirilen.

Kompozitoryň fortepianoçy gyzy, Sona Nuryýewanyň bolsa fortepiano üçin döreden «Älem owadanlygy», «Deňiz perileri», «Eziz Watanymyň öwüşgini» atly eserleri we olaryň arasynda iň ajaýyp, kalbynyň baky söýgisi bilen ýazylan kakasy Durdy Nuryýewiň ýadygärligine bagyşlanýan «Ekspromt–fantaziýa» atly eseri hem bu okuw gollanmasynda ýerleşdirilendir.

Bu okuw gollanma fortepiano dersi boýunça bilim alýan talyp-ýaşlaryň repertuarlarynda görmek bolýar.



Humaý AMANOWA



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 4-nji ýyl talyby