«HALK SAZ GURALLARY ANSAMBLLARY ÜÇIN ESERLER» ATLY OKUW GOLLANMASY NEŞIR EDILDI
Ýaňy ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Halk saz gurallary» kafedrasynyň uly mugallymy Muhammetmyrat Gapurowyň «Halk saz gurallary ansambllary üçin eserler» atly ýokary, ýörite sazçylyk we sungat mekdepleri üçin okuw gollanmasy çep edildi.
Bu okuw gollanmada milli aýdym-saz sungatymyza uly goşant goşan türkmen nusgawy kompozitory Nury Halmämmedowyň–«Prelýudiýa», Amandurdy Agajykowyň–«Kwartet» I, II, III, IV bölümleri, Gurban Kulyýewiň–«Konsertino», Baýram Hudaýnazarowyň–«Derýa», Çary Nurymowyň–«Hemrahym» ýaly halk saz gurallary üçin niýetlenen birnäçe eserleri ýerleşdirilendir.
Ondan başga-da Ýewropa saz medeniýetiniň görnükli wekilleri bolan, A.Mosartyň–«Rondo», Ž.Bizeniň–«Giriş sazy», I.Brams–«Wenger tansy №5» ýerleşdirilendir.
Okuw gollanmada talyplary ýokary derejede taýýarlamak, ansambl bolup eseri ýerine ýetirmek, dünýä saz sungaty bilen birlikde özboluşly türkmen saz sungatyny ösdürmek we ansamblyň eserleri bilen tanyşdyrmak möhüm wezipeleriň bolup durýar.
Bu okuw gollanma 5 bölekden ybarat bolup:
I. Kwartet (prima plektrli dutar, plektrli dutar-1, plektrli dutar-2, hem-de bas dutar) saz gurallary üçin.
II. Kwartet (kanun, plektrli dutar-1, plektrli dutar-2 hem-de bas dutar) saz gurallary üçin.
III.Kwintet (kanun, plektrli dutar, baglama, dutar hem-de ud) saz gurallary üçin.
IV. Kwintet (kanun, çeň, baglama, ud hem-de bas dutar) saz gurallary üçin.
V.Kwintet (prima dutar, plektrli dutar-1, plektrli dutar-2, ud hem-de bas dutar) saz gurallary üçin niýetlenendir.
Bu okuw gollanmasy ansambl dersi boýunça öwrenýän talyplara ansamblyň partituralaryny okamak usulyny tejribe taýdan özleşdirmekde uly ýardam bermekden ybarat bolup durýar.