KITAP-BILIMIŇ ÇEŞMESI
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyplarynyň gelmeginde «Kitap-bilimiň çeşmesi» atly gezelenç geçirildi.
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasyna Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyplarynyň gelmegi kitaphana hünärmenlerini has-da begendirdi. Gezelenje gelen talyplar kitaphanada guralan sergileri synladylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserlerinden, başga-da birnäçe ýazyjy şahyrlaryň eserlerinden özlerine gerek bolan maglumatlary peýdalandylar. Ylym-bilimiň kämil ýolundaky talyplaryň ýürekleri buýsançdan, kalplary joşgundan doly. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly ynamdan, söýgüden ruhlanýan bagtyýar talyplar belent sepgitlere ýetmegi, ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýyny ýokary basgançaklara götermegi öz öňlerinde borç hasaplaýarlar.
Çäräniň ahyrynda ýaş nesillerimiziň nurana geljegi, bagtyýar durmuşy hakynda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.