BITARAPLYK ŞÖHRATYMYZ–ŞANYMYZ


BITARAPLYK ŞÖHRATYMYZ–ŞANYMYZ

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Bitaraplyk şöhratymyz-şanymyz» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara giňişligindäki abraý-mertebesi has-da belende göterlip, özüniň döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirýändigi, ýurdumyz bütin dünýäde halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we işjeňleşdirmäge mynasyp goşant goşup, baky Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de munuň özi ýurdumyzyň bütin dünýäde parahatçylygyň höküm sürmegi we durnukly ösüşiniň üpjün edilmegi ugrunda taýsyz tagallalaryň edilýändigine doly güwäsi bolup durýandygy barada belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda Hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň mundan beýläk-de üstünliklere we işjeň häsiýete eýe bolmagy ugrynda uly işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.