KEÝIK ARTYKOWANYŇ ÝEKELIKDÄKI KONSERTI


KEÝIK ARTYKOWANYŇ ÝEKELIKDÄKI KONSERTI

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň zalynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Saz mugallymy» kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Magtymguly adyndaky ýaşlar baýragynyň eýesi Keýik Artykowanyň ýekelikdäki konserti geçirildi.

Konsert Julio Kaççini «Ave Maria» aýdymy bilen başlady. Soňra meşhur türkmen kompozitory N.Halmämmedowyň «Aýgytly ädim» kinofilmi üçin döreden «Hüwdi» we «Aýnanyň aýdymy» eserlerini Keýik özüniň näzik, mylaýym owazy bilen ýerine ýetirdi.

Awstriýa kompozitory F.Şubertiň «Barkarola» we «Forel» aýdymlary ýaňlandy. J.Puççininyň «Janni Skikki» operasyndan «Ария Лауретты» atly aýdymy ýerine ýetirdi.

A.Babaýewiň «Звёздный вальс» atly eseri diňleýjilere ruhy lezzet paýlady. A.Şapoşnikow we W. Muhadowyň «Zöhre-Tahyr» operasyndan «Zöhräniň aýdymy» eseri ýerine ýetirdi. Konsert N.Halmämmedowyň «Ýetişermikä» atly aýdymy bilen dowam etdi. Soňra ýene-de Awstriýa kompozitory F.Şubertiň döredijiliginden «Serenada» ýaňlandy.

Keýigiň ýerine ýetiren Ç.Nurymowyň «Niçik söz tapaýyn, nähili aýdym ýene» atly eseri bilen konsert jemlendi. Bu aýdymlardan soň Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymlary we talyplary talyp gyzy gutladylar we oňa üstünlik arzuw etdiler.

Şeýle ajaýyp konsertleriñ, bäsleşikleriñ, saz festiwallarynyň döredijilik duşuşyklarynyñ yzygiderli geçirilmegi biz talyp ýaşlara zehinlerimizi açyp görkezmäge uly mümkinçilik bolup durýar.



Gözel NURMAMEDOWA



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň 2-nji ýyl talyby