BITARAPLYK ŞÖHRATYMYZ ŞANYMYZ


BITARAPLYK ŞÖHRATYMYZ ŞANYMYZ

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Bitaraplyk şöhratymyz şanymyz» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty halkymyzyň goňşy halklar, ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklaryna giň ýol açylandygy barada beýan etdiler. Şeýle-de asudalygyň rowaçlanmagy halkymyzda buýsanç döredýändigi, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusynda hem parahatçylygyň belent waspy beýan edilýändigi hakynda gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýurdumyzy beýik ösüşlere besleýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.