HALKARA BITARAPLYK BAÝRAMÇYLYK KONSERTI
Türkmenistanyň Mejlisler merkezinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti geçirildi. Bu konserte Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halypa mugallymlary hem-de talyplary özleriniň ajaýyp aýdymdyr-sazlary bilen gatnaşdylar. Konsertiň dowamynda medeniýet we sungat ussatlary diňe türkmen dilinde däl eýsem daşary ýurt dillerinde hem aýdymlary ýerine ýetirdiler.
Türkmenistanyň Gahrymany Jemal Saparowanyň hem-de «Dokmaçylar» folklor toparynyň ýerine ýetirmeginde «Ýurt Bitarap, toýlar tutýar Arkadagly Serdarym!» atly aýdymy bilen konsert başlandy.
Türkmenistanyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly aýdymy Türkmenistanyň halk artisti Annaguly Myratdurdyýew hem-de Türkmenistanyň Döwlet hory, «Ruhubelent çagalar» we birleşen folklor tans toparlary ýerine ýetirdi.
Soňra Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary Güljemal Taýlyýewa, Munisa Hudaýbergenowa bilen bilelikde Daşoguz welaýatynyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyby Asal Ruslanowa Ýapon, Koreý we Hytaý aýdymlaryndan «Gündogar heňleri» atly aýdymlar çemenini ýerine ýetirdiler. Italýan, Fransuz, Nemes, Rumyn aýdymlaryndan «Aýdymlar Çemenini» Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti Leýli Ökdirowa, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary Maýa Orazberdiýewa we Begenç Moşşyýew ýerine ýetirmek bilen diňleýjilere ruhy lezzet paýladylar.

Konsert Türkmenistanyň at gazanan artisti Söhbet Annamyradowyň, sazandalar Döwlet Öwezmyradowyň, Süýleýman Hüseýinowyň, Wepa Ylýasowyň, Merdan Ataýewyň Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy Kakajan Hudaýberdiýew, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Perhat Tagyýewiň we ýerine ýetirmeginde Eýran, Arap, Päkistan, Mongol, Malaziýa sazlaryndan «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly sazlar çemeni bilen dowam etdi.
Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýna Seýitgulyýewanyň hem-de «Miras» folklor tans toparynyň ýerine ýetirmeginde Rus halk aýdymy «Seýil baglarda» («Ой, при лужку, при лужке») ýaňlandy. «Komuzçy» Gyrgyz halk aýdymyny Türkmenistanyň halk artisti Gözel Öwezowa, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Täzegül Baýramowa we Selbi Kakanowa hem-de «Meňli» tans topary ýerine ýetirdiler.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sözlerine «Türkmen binasy» atly ajaýyp aýdymy Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor topary ýerine ýetirdi.
Baýramçylyk konserdine gatnaşan gatnaşyjylaryň ýerine ýetirmeginde «Şöhrat size, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» atly aýdymy bilen jemlendi.
Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwleti işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
