RUSSIÝANYŇ DÖWLET ÇAGALAR KITAPHANASY BILEN ÝAKYNDAN TANYŞLYK
Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň we Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň hünärmenleri GDA agza ýurtlarynyň kitaphanaçylary bilen ýaňy-ýakynda Russiýanyň Döwlet çagalar kitaphanasynda geçirilen II Halkara Çagalar we Ýaşlar Kitaplary Forumynyň çäklerinde Russiýanyň Döwlet çagalar kitaphanasynyň bölümlerine gezelenç etdiler. Her bir bölümiň alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyşdylar. Çagalarda okamaklyga, kitaba bolan höwesi, söýgini döretmekde alyp barýan işleri esasynda tejribe alyşdylar. Sergileriň gurnalşy, köpçülikleýin işleriň alnyp barylyşy bilen ýakyndan tanyşdylar.
Täsirli geçen gezelenjiň ahyrynda kitaphana hünärmenleri dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk, medeni gatnaşyklary berkitmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.