YSSY BEREN KÖPEK ÝEGDIR
2023-nji ýylyň 29-njy maýynda BMG-nyň ÝUNESKO guramasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisinde «Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň» şanly baýramyny dürli yklymlarda belläp geçmek barada hem-de «Jelaleddin Rumynyň eserleriniň külliýaty» atly ýygyndylaryň ÝUNESKO-nyň «Dünýä hakydasy» atly halkara sanawyna goşulandygy hakynda taryhy resminamalar kabul edildi. Yslam dünýäsiniň iň meşhur şahyry we Gündogar edebiýatynyň iň tanymal döredijilik ussady, Magtymguly Pyragynyň halypalarynyň biri hasap edilýän Möwlana Muhammet Jelaleddin Rumynyň (1207-1273) «Mesnewi’» atly diwanynda «Baraýsaň sen tötänden gapysyndan türkmeniň, işiginde itiniň ýatanyny görersiň» diýip bellenilýän hikmetli setirler duş gelýär. Bu şahyrana jümleler türkmen durmuşyna we hojalyk ykbalyna ymykly ornaşan, mülkünde, gadymy oturymly ýaşaýyş medeniýetinde ilkinji eldekileşdirilen öý haýwanlarynyň biri bolup gelýän, jemgyýetçilik sahnasynda merdemligiň, üşükliligiň, düşbiligiň, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň, gadyrdanlygyň, göwündeşligiň, ojagynda syrdaşlygyň, wepalylygyň, mähribanlygyň, dostlugyň nyşanyna öwrülen milli alabaý tohumly itleri ýetişdirmegiň halk tejribesine, taryhy gymmatyna we köpasyrlyk seçgiçilik nazarýetine berilýän ýokary çeper bahadyr. .
Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde halk çeper döredijiligi babatda işleriň ähli görnüşleriniň waspnamalary, tarypnamalary duş gelýär. Ýaşy üç asyry tegeläp barýan şahyryň edebi mirasynda 120-den gowrak haýwanat dünýäsiniň wekilleriniň atlary duş gelip, olar dört dile-oguz, arap, pars we umumytürki dillere mahsus bolan görnüşlerde köptaraply wasp edilýär. Dananyň şygryýet dünýäsinde durmuşyň mazmunyny, döredijilik kuwwatyny, dünýäden täsirleniş ukybyny çeper şöhlelendirmekde höwesli, hyjuwly, yhlasly we ylhamly ulanýan sözleriň biri hem it adalgasydyr. Orta asyr edebiýatynda, ýazuw ýadygärliklerinde arslan gaýratly, şir sypatly, ýöreýşi salyhatly, syrdam gelne meňzedilýän, hojalygyň dört aýakly, ýaýbaň penjeli, gaba kelleli dosty bolan itler-daýhan ýaly merdem, goňşy ýaly hossar, esger kimin sak, magşugyň yşky dek hüşümçi, ogry ýaly hüşgär, ýylan ýaly tüm garaňkylyklaryň, ümsümlikleriň hökümdary, zenan ýaly näzli, çaga kimin mylakatly, ýer ýaly sada, öküz ýaly güýçli hemaýatkär, ot ýaly ojaga yssylyk hemdemli, çopan goşuny del nazarlardan saklaýan ynamdar, ýanbermez, mübärek goragçy hökmünde arşa galdyrylypdyr.
Bäş ýüze golaý maşgala görnüşlerini özüne jemleýän itler idedilişi boýunça gulluk, ýörite maksatly, sakçy, yzçy, awçylyga ýöriteleşdirilen, çopan, söweşiji, pägelçilikleri ýeňiji, çekiji, maşklara türgenleşen, aragatnaşyk, sanitar, ýol görkeziji ýaly toparlara bölünýärler. Köki gadymy oguz sözleýiş medeniýetine degişli bolan it sözünde erjellik, erklilik, erkinlik, çeýelik, dykgatly, syzgyr duýgurlyk, haýryň on bir häsiýetli eýesi, orda-da ugurly yzçy, garadangaýtmaz peleň keşpli, hyrsyzlary ürküzen ýaly many gatlaklaryň jemlenýändigi ylmy edebiýatlarda, irki orta asyr çeşmelerinde bellenilýär. Ussadyň edebi mirasynda kinologik düşünjelere (itleriň köpeldilişini, saklanylyşyny, iýmitlendirilişini, peýdalanylyşyny, ähli häsiýetlerini öwrenýän ylmy ugur) uly orun berilmek bilen, olaryň şahyryň ýigrimiden gowrak goşgularynyň liriki çeperçiligini, pikir sagdynlygyny gysga, ýatda galyjy, hakykat ölçeglerini örän ýokary derejede umumylaşdyryjy häsiýetde bezemäge gatnaşandygyny görmek bolýar.
Dana pikirleri döwürleriň, dilleriň we durmuşy dünýäleriň esasy daýanýan ýörelgesine öwrülen aryfyň eserleriniň arasynda it bilen bagly gymmatlyklaryň iň köp nusgalary «Kyldy, ýaranlar» atly eserinde duş gelýär. Magtymgulynyň çeper diliniň wagt, hereket, giňişlik birliginde we şygryýet taryhynyň syrly setirlerinde it sözüniň many gatlaklary ezberligiň, erjeligiň, ýaranlygyň, dartgynlyklary böwüsijiniň, yzzatly, hyrydarly, rysgally, ygrarly, edenli kömekçiniň nyşany görnüşindäki edebi maşklarda, tymsallarda, seslenmelerde açylýar. Şahyrana edebi mekdebi dünýäniň çeperçilik söz hazynasynda we döredijilik medeniýetinde beýikligiň, çuňlugyň, giňligiň, milligiň hem-de döwürleriň togap, tagzym edilip mukaddesligine öwrülip gelýän şahyryň lirikasynda kinologik düşünjelere degişli bolan aňlatmalaryň ulanyş düzüminde güjük, seg (it), tula (itiň çagalary), böri, gurt, şagal, tilki, tazy (itler maşgalasynyň iň ýüwrek, ýyndam wekili), garsak (çölde ýaşaýan, gysga aýakly, sütügi gymmat bolan, tilkä meňzeş ýyrtyjy, wagşy haýwan) ýaly sözler ilkinjileriň hatarynda durýarlar we olar metefora, deňeşdirme, salgylanma, mistiki, allegoriki, simwoliki, meňzetme, poronim, göni we göçme manyly görnüşlerinde suratlandyrylmaga gatnaşýarlar.
2021-nji ýylyň 27-nji dekabrynda türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we milli itşynaslygy, halkymyzyň köpasyrlyk durmuş medeniýetinde taplanan gymmatlyklary, däpleri ösdürmek hem-de kämilleşdirmek maksady bilen «Türkmen alabaýynyň baýramyny bellemek hakynda» we ony her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde belläp geçmek baradaky Permanyň tassyklanmagy halkymyzyň şatlygyny goşalandyrdy. Şahyryň joşgunly, hümmetli, parasatly setirleriniň, çeper pikirleriniň döwürleriň ruhy, ylmy, taryhy ösüşleri, belent we mukaddes maksatlary bilen sazlaşmagy aýratyn guwandyryjydyr.