«ÝAŇLANÝAR SÖZLERIŇE AJAP AÝDYMLAR, TÜRKMENIŇ GUWANJY DANA PYRAGY» ATLY DUŞUŞYGY
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri hem Türkmen döwlet medeniýet institutynyň we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýaş talyplarynyň gatnaşmagynda. Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebinde «Ýaňlanýar sözleriňe ajap aýdymlar, türkmeniň guwanjy dana Pyragy» atly duşuşygyny geçirdi geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda Pyragynyň ömri we döredijiligi barada täsirli gürrüňler edildi. Pyragynyň şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti , ýaşlara watançylyk , mertlik, adalatlylyk ýaly oňat häsiýetleri terbiýelemekde eýeleýän orny barada täsirli gürrüňler berdiler. Gurnalan sergi hem aýratyn gyzyklanma döretdi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy, nusgawy edebiýatymyzy ösdürmäge goşant goşan ussatlarymyzyň döredijiligini ýaşlara giňişleýin wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
