HAKYDA GÖWHERI-MILLI MIRASYŇ BUÝSANJY
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi bilelikde guramagynda «Hakyda göwheri-milli mirasyň buýsanjy» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Ählimiziň bilşimiz ýaly ajaýyp zamanamyzyň her bir güni taryhy ösüşlere, şanly senelere beslenip gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň pähim paýhasyndan, jöwher zehininden dörän ajaýyp eser «Hakyda göwheri» atly kitap elimize gelip gowuşdy. Gahryman Arkadagymyzyň ylmy-filosofik eserleri watandaşlarymyzyň her biri üçin durmuş we döredijilik şamçyragydyr. Halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny, nusgalyk döwletlilik ýörelgelerini beýan edýän, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan bu eserler ýaş nesilleri watançylyk, belent ahlaklylyk, ýokary ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazynadyr.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň şeýle ajaýyp, eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edip türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
