GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «HAKYDA GÖWHERI» ATLY TÄZE ÝAZAN KITABYNDAN SÖHBETDEŞLIK
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz agzybir hünärmenleri we ýaş okyjylary bilen tamamlanyp barýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaňy-ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň täze ýazan eseri «Hakyda göwheri» atly kitabynyň giň okyjylar köpçüligine gelip gowuşmagy mynasybetli söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda bu ajaýyp kitabyň many-mazmuny, bölümleriniň aýratynlygy barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de bu eserde beýan edilýän halkymyzyň milli gymmatlyklary, baý taryhy babatdaky gymmatly setirleriň geljekki nesillerimiz üçin bahasyna ýetip bolmajak hazynadygy, bu ajaýyp eseriň halkymyzyň edebi mirasy baradaky toplan maglumatlarynyň paýhas dürüdigi hem-de gadymy oguz edebiýatyny açyp görkezmekde hem gymmatly çeşmedigi buýsanç bilen nygtaldy. Kitaphanaçylarymyz iki dilde (türkmen, iňlis dillerinde) beýan edilen, iki bapdan hem-de on bir bölümden ybarat bolan bu ajaýyp kitabyň çagalar kitaphanamyzyň giň okyjylar köpçüligi bilen tanyşdyryş dabaralarynyň ýene-de dowam etdiriljekdigi barada hem uly höwes bilen aýtdylar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda gyzyldan gymmatly eserleri döredip, halkymyza sowgat edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.