KITAP-BILIMIŇ ÇEŞMESI
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň bilelikde guramagynda «Kitap-bilimiň çeşmesi» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Ýaş nesilleri watansöýüji, arassa ahlakly, belent adamkärçilikli, ruhubelent, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli adamlar edip ýetişdirmekde olaryň kitaba söýgüsini, okamak höwesini artdyrmagyň örän uly ähmiýeti bar. Bu babatda bizde ähli mümkinçilikler, şertler döredilen. Ýurdumyzyň kitaphanalarynda döwrebap iş usullaryndan, sanly tehnologiýalardan peýdalanylmagy kitaphana hyzmatlaryny has-da kämilleşdirmäge mümkinçilik berilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda nesil nusgawy edebiýatymyzyň terbiýesi bilen bagly, pähim-parasatly pikirlere baý bolan dürdäneleri, halk döredijilik eserleri, ýazyjy şahyrlaryň eserleri döwrebap derejede, ýokary hilli çap edilip, kitaphanalaryň kitap gory has baýlaşdyryldyrylýar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesliň bagtyýar durmuşy, röwşen geljegi barada taýsyz tagalla edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurdumyz bähbitli tutumly işleriniň elmyda rowaç bolmagyny arzuw etdiler.