TÜRKMENISTAN–BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Aşgabat» myhmanhanasynda geçirilen Ýüpek ýolunyň hazar wolga geçelgesi: üçünji sebitleýin maslahatynda «Türkmenistan–beýik ýüpek ýolunyň ýüregi» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy.
Geçirilen maslahatda Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça halkara bilermenleriň sebitleýin duşuşygy geçirildi we edilen çykyşlarda Beýik Ýüpek ýolunyň gadymyýetde Gündogar we Günbatar ýurtlaryny baglanyşdyran hem-de häzirki Türkmenistanyň çäginden geçen deňi-taýy bolmadyk yklymlara geçelge bolandygyny aýratyn bellediler.
Gurnalan göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri şeýle-de Magtymguly Pyragynyň eserleri we ýazyjy şahyrlarymyzyň birnäçe kitaplary ýerleşdirildi, bu bolsa maslahata gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi we ýakymly täsir galdyrdy.
Maslahatyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.