TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
16-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Ol welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda kadaly gögeriş alnyp, häzirki wagtda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, topragy fosfor döküni bilen gurplandyrmak, sürüm işleri dowam etdirilýär.
«Türkmenistan» gazeti