TÜRKMENISTAN-ABŞ: IŞEWÜRLIK GATNAŞYKLARYNYŇ GERIMI GIŇEÝÄR


TÜRKMENISTAN-ABŞ: IŞEWÜRLIK GATNAŞYKLARYNYŇ GERIMI GIŇEÝÄR

16-njy dekabrda paýtagtymyzda Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin «Türkmenistan-ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygyndaky amerikan işewürleri ýurdumyza geldi.

Işewürlik maslahatynda türkmen tarapynyň wekilleri şu gezekki sapara ýurdumyzda ABŞ-nyň işewürler toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändikleriniň nyşany hökmünde garalýandygyny bellediler.

Çykyşlaryň dowamynda türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly häsiýete eýedigi nygtaldy. Şol gatnaşyklar deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär.

«Türkmenistan» gazeti