HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ NUSGALYK ESERLERI-DÖREDIJILIK ÝOLUNA BADALGA
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda «Hormatly Prezidentimiziň nusgalyk eserleri-döredijilik ýoluna badalga» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri ýaş nesilleri watansöýüji, arassa ahlakly, belent adamkärçilikli, ruhubelent, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli adamlar edip ýetişdirmekde olaryň kitaba söýgüsini, okamak höwesini artdyrmakda örän uly ähmiýeti bar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasynyň miwesi bolan ajaýyp kitaplary türkmen halkynyň kitap baýlygynyň has-da baýlaşmagyna saldamly goşant goşup, türkmen halkynyň milli ruhy-medeni gymmatlyklaryny we ýörelgelerini gaýtadan dikeltmekde we ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolandygy şeýle-de bu gymmatly kitaplaryň diňe bir türkmen dilinde däl, eýsem, rus, iňlis, dünýäniň dürli dillerinde neşir edilmegi dünýä jemgyýetçiliginde, adamzadyň aňýetinde uly gyzyklanma döredýändigi barada giňişleýin söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet galamynyň ýiti, janynyň sag, döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.