»TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ «TÜRKMENISTAN-ABŞ»IŞEWÜRLER GEŇEŞINIŇ ÝERINE ÝETIRIJI DIREKTORY BILEN DUŞUŞYGY
17-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen «Türkmenistan-ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşdy.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny bildirip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekilleriniň daşary ýurt kompaniýalary üçin netijeli işlemäge amatly şertler döredilen, geljegi uly türkmen bazarynda iş alyp barmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady.
«Türkmenistan» gazeti